Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi.
Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani häzirki ýeňil bolmadyk döwürde Kataryň halkyna we döwletine berýän goldawy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem, ol iki ýurduň we halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, Türkmenistanyň we Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.
Iki döwletiň halkara syýasy arenasynda BMG-niň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.