Merkezi Aziýa bilen ASEAN ýurtlaryny baglanyşdyryjy Logistika merkezleriniň işleri barada halkara maslahat
Malaýziýanyň halkara söwda we senagat palatasy (Malaysian International Chamber of Commerce and Industry) bilen Malaýziýanyň kiçi telekeçilik konsorsiumynyň (Malaysian Consortium of Mid-Tier Companies) bilelikde guramagynda, ASEAN ýurtlarynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen, olaryň araçäkleriniň amatly ýol-ulag ugurlaryny öwrenip, gelejekde ony ösdürmek boýunça halkara maslahaty gurnalyp geçirildi. Seminara Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileri hem-de agzalan edaralaryň ýolbaşçylary, hususy telekeçiler we işewür adamlar gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda, işewür duşuşyga gatnaşanlar, özleriniň alyp barýan logistika işleri barada gysgaça gürrüň berdiler. Çykyş edenler gelejekde Merkezi Aziýa döwletleriniň amatly ýerleşýändigini nygtap, üstaşyr geçelgeleri ulanmakda mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler we hemmetaraplaýyn kanagatlandyrýan ýollary işläp düzmeklik barada maslahat geçirildi.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen tarapy şu ýylyň awgust aýynyň birinji ongünliginde Türkmenistanda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilendigi barada habar berildi. Bu forum döwletleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň we esasanda, raýat jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm meýdança bolandygy mälim edildi. Durnukly ösüşi gazanmak, sosial deňligi we ekologik durnuklylygy üpjün etmek ýaly wezipeler diňe giňişleýin, inklýuziw hyzmatdaşlygyň esasynda üstünlikli amala aşyrylyp bilner diýip nygtalandygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Türkmenistan öňdebaryjy başlangyçlary öňe sürýän, halkara parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyz deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň
durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy meselelerini yzygiderli ýagdaýda halkara gün tertibine girizýär, şeýle hem logistika ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge işjeň gatnaşýandygy tassyklanyldy.