Türkmenistanyň wekiliýeti sebitara baglanyşygy pugtalandyrmak boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Lýuksemburgda ÝB-niň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy.
Forumyň işine Ýewropa Bileleşigine agza döwletler, şeýle hem Merkezi Aziýa hem-de Gündogar hyzmatdaşlygy ýurtlary (Ermenistan, Azerbaýjan, Moldowa Respublikasy, Ukraina) we Türkiýe gatnaşdy. Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas, şeýle hem Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela we Giňelmek meseleleri boýunça Ýewropa komissary Marta Kos bilelikde başlyklyk etdiler.
Sessiýada çykyş etmek bilen, M.Bäşimowa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ynanyşmaga, hormata we deňhukuklylyga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge maksat edinýändigini tassyklady. Türkmen tarapy öz hyzmatdaşlygyň ileri tutýan ugurlaryny, ýagny häzirki zaman we durnukly ulag infrastrukturasyny ösdürmek (Hazarüsti geçelgesine aýratyn ähmiýet bermek bilen); ÝB bilen energetika taýdan arabaglanyşygy giňeltmek, şol sanda SECCA maksatnamasyna goldaw bermek; gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we wodorod tehnologiýalary babatynda hyzmatdaşlyk; şeýle hem “ýaşyl” gün tertibini ilerletmek – Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkezi, Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyçlary hem-de Hazar ekologiýa başlangyjyny ösdürmek ýaly ugurlary beýan etdi.
Ministrler derejesindäki duşuşygyň netijeleri boýunça ÝB döwletleriň, halkara maliýe düzümleriň we hususy pudagyň gatnaşmagynda Baglanyşyk gün tertibini durmuşa geçirmek üçin utgaşdyryjy çarçuwanyň taýýarlanýandygyny mälim etdi. Onuň taslamasy 2025-nji ýylyň noýabrynda Daşkentde geçiriljek Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça maýa goýum forumynda ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlener. Şonuň bilen birlikde, bar bolan tejribäniň kartalaşdyrylmagy we arabaglanyşyk ulgamyndaky zerurlyklaryň seljerilmegi arkaly ileri tutulýan maýa goýumlary hem-de “ýumşak” arabaglanyşyk çäreleri kesgitlener. Duşuşyga gatnaşyjylar bir ýyldan ýene-de duşuşmak barada ylalaşdylar.