Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi.
Işewürler bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini, Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny bellediler.
Şeýle hem olar Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.
Kompaniýalaryň ýolbaşçylary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, netijeli işlemäge berýän yzygiderli goldawlary üçin döwlet Baştutanyna hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti myhmanlaryň saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşjakdyklaryny, ýurdumyzda bu ulgamda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşjakdyklaryny aýtdy hem-de olaryň geçirjek duşuşyklarynyň nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda depginli ösdürilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda nebitgaz pudagynyň Türkmenistanyň bir depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belledi. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy, esasan-da, ýerli çig maly ulanmak arkaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Said Al Taýere we Abdulkarim Al Maazmä işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.