TÜRKMENISTANYŇ INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI INDONEZIÝANYŇ ÝOKARY BILIM, YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR MINISTRLIGIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY.
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda, Indoneziýa Respublikasynyň Ýokary bilim ministrliginde, Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) M.Maşalow bilen bu ýurduň Ýokary bilim, ylym we tehnologiýa ministrliginiň Baş Sekretary Togar Simatupang bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar ylym, bilim we tehnnologiýalar ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda ýokary bilim babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtanamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak meselesine garaldy.
Şeýle-de indoneziýa tarapy, talyp orunlarynyň berilmegi ýaly birnäçe okuw maksatnamalaryň türkmen tarapyna teklip ediljekdigini habar berdi.