Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi Malaýziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Malaýziýanyň Parlamentinde türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen bu ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary, Oba hojalyk we sebitleýin ösüş ministri Dr. Ahmad Zahid bin Hamidiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara bähbitli gatnaşyklary geljekde has hem ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin dowam edip gelýän hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Şeýle-de malaý tarapy, iki ýurduň işewürleriniň arasynda halal önüm senagaty we halal önümi sertifikatlaşdyrmak ýaly ugurda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny teklip etdi.