Türk­men tür­gen­le­ri XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­na gi­riş­di­ler

Indoneziýanyň paýtagty Jakartada 18-nji awgustda “Bung Karno” stadionynda açylyş dabarasy geçirilen XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň şu günki, ilkinji gününde, Türkmenistanyň türgenleri erkin göreş we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşdylar.

Erkin göreşde biziň türgenlerimiziň arasynda Batyr Borjakow oňat netije gazandy. Ol 65 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazanmakdan sähelçe asgyn geldi. 1/8 finalda biziň pälwanymyz 12:2 uly artykmaçlyk bilen wagtyndan öň, Indoneziýadan bolan garşydaşyndan üstün çykdy, ýöne ýarym finala çykmak ugrundaky tutluşykda ýaponiýaly türgenden ýeňildi. Pakistanly türgen bilen goşmaça söweşde pälwanymyza bir döwden hem az wagt gerek boldy, gazanylan 10:0 utuklaryň uly tapawudy sebäpli, eminler göreşi sakladylar. Emma, bürünç medal ugrunda B. Borjakow Gazagystandan bolan garşydaşdan ýeňildi.

100 metr aralyga arkanlygyna suwda ýüzmekde Merdan Ataýew aralygy 56,20 sekunt wagt görkezip, güýçlüleriň ilkinji onlugyna girdi. Bu görnüşde jemi 17 ýurtdan 28 türgen gatnaşdy.

Ertir erkin göreş hem-de suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar dowam eder.

XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy baradaky gürrüňe dolanyp gelip, bu ýerde sportuň 11 görnüşinde türgenleriň 65-siniň ýurdumyza wekilçilik edendigini bellemek gerek. Erkin göreşiň pälwanyýaş bolsa-da, eýýäm derejelere mynasyp bolan türgen, ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşlaryň birnäçe gezek baýrak eýesi Zyýamuhammet Saparowa türgenleriň ýörişinde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baýdagyny götermek hormaty nesip etdi.

Jakartanyň baş stadionynda gür tropiki ösümlikli, uly şaglawukly hem-de patlawugy bolan dag sahna bezegi görnüşinde ýerleşdirildi. Ähli hereketler şonuň öňünde ýaýbaňlandyryldy.

Indoneziýanyň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidentleriniň çykyşlaryndan soň, alawy göterijiler dagyň iň belent depesine çykdylar hem-de patlawugyň okarasyndaky alawy ýakdylar. Bu bolsa tomusky Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan açylyşyna öwrüldi.

Indoneziýanyň topragyna gelip düşmegiň ilkinji pursatlarynda milli ýygyndy toparymyzy mübäreklemek dabarasy geçirildi. Türgenleriň şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýurdumyzyň baýdagy ýokary galdyryldy. Türgenleri bu şäherçäniň meri Ýuni Karkita mübärekläp, şowlulyk we üstünlikleri arzuw etdi.

21-nji awgustdan başlap, biziň türgenlerimiz, şol sanda dünýäniň we Aziýanyň çempionatlarynyň baýrak eýeleri agyr atletika boýunça hem-de grek-rim göreşinde çykyş edip başlarlar. Sportuň bu görnüşlerinde hem ýaryşyň medallaryny almaga oňat mümkinçilikler bar.

22-nji awgustda U23 ýaş derejesinde 3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary ilkinji duşuşygyny geçirer. “D” toparçada bije atmagyň netijeleri boýunça Eýranyň, Yragyň, Malaýziýanyň we Gazagystanyň toparlary biziň garşydaşlarymyz bolar.

Jiu-jitsunyň ussatlary 24-26-njy awgust aralygynda ýeňijileri kesgitlärler. Bu başa-baş göreş boýunça türkmen pälwanlary iýul aýynda Aktauda Aziýa çempionatynda 18 medal gazandylar.

Boksçylar ilkinji söweşlerini 24-nji awgustda geçirerler, altyn medalyň eýeleri bolsa oýunlaryň ahyrky ýaryş gününde — 1-nji sentýabrda belli bolar.

25-nji awgustda ýeňil atletika boýunça ýaryşlara badalga berler.

Türkmen türgenleriniň wekiliýetiniň köp bölegi kuraş göreşine gatnaşýar. Biziň türgenlerimiziň 14-si medallar ugrunda 28-nji awgustda göreşip başlar. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar 30-njy awgusta çenli dowam eder.

Biziň türgenlerimiziň gatnaşýan sport görnüşleriniň arasynda dzýudo we sambo boýunça ussatlarymyz Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyny tamamlar. Türkmenistanda sportuň bu görnüşleriniň mekdepleriniň gadymy däpleri bardyr. Bu görnüşde göreşler Aziadanyň ýapylýan gününe çenli dowam eder.

Oýunlar 15 gün dowam edip, 2-nji sentýabrda tamamlanar. Olara 45 ýurtdan on müňe golaý türgen gatnaşar. Olar baýraklaryň ýarym müňe golaý toplumlarynyň eýelerini kesgitlär.