Aş­ga­bat­da hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi öz işi­ne baş­la­dy

Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da iri pu­dak­la­ýyn fo­rum öz işi­ne baş­la­dy. Bu ýer­de “Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” ady bi­len hal­ka­ra ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­ýär. 

Ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len her ýyl­da ge­çi­ril­ýän ser­gi ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň ama­la aşy­ry­ly­şy­ny be­ýan et­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ägirt uly kuw­wat­lyk­la­ry­ny, gel­jek­ki ösü­şi­ni we bu ul­gam­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ äş­gär et­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup dur­ýar. 

Ýö­ri­te­leş­di­ri­len bu fo­ru­my Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bi­len Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­le­lik­de gu­ra­dy­lar. Ser­gä gat­naş­ýan­la­ryň sa­ny­nyň ýyl-ýyl­dan art­ma­gy bu pu­da­gyň ýo­ka­ry saz­la­şyk­ly ösü­şe eýe bol­ýan­dy­gy­ny we da­şa­ry ýurt­la­ryň hem-de ýer­li işe­wür to­par­la­ryň bu pu­dak­da ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga ägirt uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Baý te­bi­gy se­riş­de­le­re eýe bo­lan hem-de “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­ny iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýär we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ös­ýän­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak, onuň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin mö­hüm şert­ler hut şu pu­da­gyň saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len ut­gaş­ýar. 

Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry, Hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar hem-de da­şa­ry ýurt we ýer­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. 

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ibe­ren Gut­la­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler. On­da, hu­su­san-da, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir­lik­de, ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň dep­gin­li ösü­şi da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan elekt­rik ener­gi­ýasy­nyň eks­port möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Şu pu­dak­da hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti bo­lan iri tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne mö­hüm üns be­ril­ýär. Ser­gi­niň ge­çi­ril­me­gi pu­da­gyň kuw­wat­lyk­la­ry hem-de gel­jek­ki ösü­şi­niň ugur­la­ry bo­ýun­ça mag­lu­mat alyş­mak üçin oňyn müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýär. Tä­ze uly gel­je­gi bo­lan tek­lip­le­re ga­ra­mak, pu­dak­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bi­len ta­nyş­mak, ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ry we köp san­ly da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek ser­gi­niň esa­sy mak­sa­dy­na öw­rül­di. 

Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi za­lyn­da kö­pu­gur­ly göz­den ge­çi­ri­liş ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bu ýer­de dün­ýä­niň elekt­roe­ner­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­ri­niň we hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň bö­lüm­le­rin­de 160-a go­laý di­war­lyk­lar gör­ke­zil­di. Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň bu fo­ru­ma bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry pu­da­gyň ma­ýa go­ýum özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni we işe­wür dü­züm­le­riň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga bo­lan is­le­gi­ni äş­gär ed­ýär. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li tas­la­ma­lar elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni gör­kez­ýär. Ýur­du­my­zyň se­na­gat­laş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da elekt­roener­gi­ýa bo­lan is­leg­le­riň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, “Türk­me­nis­ta­nyň elekt­rik e­ner­ge­ti­kasy pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň 2013 — 2020-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy” ka­bul edil­di. 

Bu Kon­sep­si­ýa­nyň çäk­le­rin­de soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da köp san­ly gaz ­tur­bi­naly elekt­rik be­ket­le­ri gu­rul­dy we ulan­ma­ga be­ril­di. Pu­da­gyň hü­när­men­le­ri 2020-nji ýy­la çen­li ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de umu­my kuw­wa­ty 3854 MWt bo­lan tä­ze ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, şol döw­re çen­li Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýasy­nyň de­re­je­si 26 mil­liard 380 mil­lion kWt sa­ga­da ba­ra­bar bo­lar. Onuň eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri bol­sa bir­nä­çe es­se ýo­kar­la­nar. 

Pu­da­gyň kuw­wat­lyk­la­ry­nyň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan di­ňe bir içer­ki sarp edi­ji­le­ri do­ly üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, elekt­roe­ner­gi­ýa­nyň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dy­rar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň eks­port ugur­la­ry­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. 

Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň hem-de ugur­daş eda­ra­la­ryň, şeý­le hem kuw­wat­ly elekt­rik be­ket­le­ri­ne we ýo­ka­ry wolt­ly elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ra hyz­mat ed­ýän pu­da­gyň iri kär­ha­na­la­ry­nyň, hä­zir­ki za­man gö­zeg­çi­lik ul­ga­my hem-de sarp edi­ji­le­re ener­gi­ýa iber­ýän hem-de pu­dak­da gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­ni alyp bar­ýan dü­züm­le­ri­niň bö­lüm­le­ri pu­da­gyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni, onuň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni we ýe­ten de­re­je­si­ni has do­lu­ly­gy bi­len gör­kez­ýär. 

Tä­ze elekt­rik be­ket­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry hem-de ozal he­re­ket ed­ýän be­ket­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri bo­ýun­ça ser­gi­de gör­ke­zil­ýän bö­lüm­ler myh­man­la­ryň we bu çä­rä gat­naş­ýan­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­di. Tä­ze elekt­rik be­ket­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry pu­da­gyň gel­jek­ki ösü­şi­ne göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Şeý­le hem ser­gi­de Ma­ry­nyň Döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de gu­rul­ýan ga­ry­şyk gaz-bug elekt­rik be­ke­di­niň tas­la­ma­sy gör­ke­zil­ýär. Onuň gur­lu­şy­gy “Türk­me­ne­ner­go” döw­let elekt­roe­ner­ge­ti­ka kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ma­ry­nyň DES-niň esa­sy bö­le­gi bo­lup dur­ýan elekt­rik be­ke­di 1574 MWt kuw­wat­ly­ga ni­ýet­le­nen­dir. 

Onuň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň iri DES-niň umu­my kuw­waty iki es­se ar­tar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, eko­lo­gi­ýa de­re­je­si we ga­lyn­dy­syz önüm­çi­lik, şeý­le hem se­riş­de­le­riň tyg­şyt­lan­ma­gy bu des­ga­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýar. Çün­ki ga­ry­şyk elekt­rik be­ke­di üçin ýan­gyç hök­mün­de di­ňe bir gaz däl, eý­sem, bug hem ula­ny­lar. Şun­da onuň peý­da­ly işi bir ýa­rym es­se — 34,2 gö­te­rim­den 57 gö­te­ri­me çen­li ar­tar, ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly ga­lyn­dy­lar üç es­se aza­lar. Şeý­le hem ýan­gyç harç­la­ny­şy pe­se­ler. 

Şu­nuň ýa­ly tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň se­riş­de tyg­şyt­la­mak­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­si bo­lan we eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn or­naş­dy­ryl­ma­gy­na yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň ösü­şi­ne de­giş­li des­ga­la­ry gur­mak­da, elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry çek­mek­de, abat­la­ýyş-gur­na­ma we saz­la­ýyş iş­le­ri­ni alyp bar­mak­da özü­ni gör­ke­zen hu­su­sy kär­ha­na­lar my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Döw­re­bap­laş­dy­ry­lan pu­dak­la­ýyn dü­zü­miň dö­re­dil­me­gi kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýur­du­my­za döw­re­bap elekt­rik ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny we gur­na­ma­la­ry­ny, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ge­tir­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. 

De­giş­li teh­ni­ka­la­ryň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ry hem-de kom­pa­ni­ýa­la­ry öz ga­za­nan­la­ry­ny, top­lum­la­ýyn çöz­güt­le­ri­ni we tä­ze­çil usul­la­ry gör­kez­di­ler. Ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka kon­sern­le­ri we kor­po­ra­si­ýa­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dy­ryp hem-de ze­rur en­jam­la­ry ge­tir­mek­de öz hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da pu­da­gyň öňün­de goý­ýan giň möç­ber­li we­zi­pe­le­riniň çö­zül­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. 

Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, dün­ýä­niň köp döw­le­tin­den bi­ler­men­ler, syn­çy­lar, me­ne­jer­ler hem-de söw­da we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. 

Çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty mil­li elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň ýa­kyn gel­jek üçin ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry­ny, ýur­duň dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na mun­dan beý­läk-de go­şul­ma­gy bo­ýun­ça anyk he­re­ket­le­ri­ni kes­git­le­ýär. 

Şeý­le hem çy­kyş­lar­da içer­ki hem-de hal­ka­ra elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ryň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­na, elekt­roul­gam­la­ryň gur­lu­şygyn­da we ola­ry abat­la­mak­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, elekt­rikener­gi­ýa­ny sarp et­me­giň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ha­sa­ba­ty bo­ýun­ça mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. 

Şeý­le hem ener­ge­ti­ka­nyň al­ter­na­tiw ösü­şi, tä­ze­çil ener­gi­ýa ul­gam­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi, en­jam­la­ryň, ener­gotas­la­ma­la­ry­nyň we do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ryň ýag­da­ýy­na gö­zeg­çi­lik et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler üns mer­ke­zin­de bol­dy. 

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn we ul­gam­la­ýyn ösü­şi­ne we kö­pu­gur­ly esas­da iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne hem-de äh­lu­mu­my ener­gi­ýa ul­ga­ma saz­la­şyk­ly go­şul­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di­ler. Ýur­du­my­zyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň dün­ýä ba­zar­la­ry­na ug­ra­dyl­ýan eks­port ugur­la­ry­ny art­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. 

Şeý­le­lik­de, elekt­roener­gi­ýa­nyň önüm­çi­li­gi­ni, ener­gi­ýa ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak, pu­da­ga hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dyr­mak, ener­ge­ti­ka­nyň al­ter­na­tiw ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler di­ňe bir yg­ty­bar­ly ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­giň ýo­kar­lan­ma­gy­na däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. 

Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän pu­dak­la­ýyn yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş 8-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam eder.