Malaýziýanyň Diplomatiýa we daşary gatnaşyklary institutynda “Medeniýete sarpa goýmak güni” ady bilen geçirilen medeniýet çäresine türkmen wekilleri gatnaşdylar

2016-njy ýylyň 28-nji iýulynda Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa we daşary gatnaşyklary institutynda daşary ýurt talyplary üçin geçirilýän gysga möhletli okuw maksatnamasynyň çäklerinde Institutyň Köpugurly dabaralar zalynda “Medeniýete sarpa goýmak güni” ady bilen medeniýet çäresi geçirildi.

Bu medeniýet çäresiniň dowamynda Institutda geçýän diplomatik okuwlara gatnaşmana gelen 15 sany döwletiň we Malaýziýanyň wekilleri çärä gatnaşyjylary öz ýurtlarynyň milli medenýeti we sungaty bilen tanyşdyrmak üçin sergi-ýarmarkasyny gurnadylar.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur ş.) Ilçihanasynyň ýardam bermeginde medeniýet çäresinde Institutda guralan diplomatik okuwlara gatnaşýan Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri özleriniň sergi-ýarmarkalaryny Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegine bagyşladylar.

Sergi-ýarmarkasynda türkmen wekilleri çärä gatnaşan 200-den gowurak dürli milletleriň wekillerini hem-de Malaýziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny we olaryň wekillerini Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksady bilen öz sergi-ýarmarkalaryny milli nagyşlar, haly önümleri, Türkmenistan we onuň Lideri baradaky kitaplar, žurnallar we suratlar bilen bezediler hem-de Türkmenistan barada düşürilen wideo ýazgylary görkezdiler.

Türkmen wekilleriniň öz milliligi bilen tapawutlanýan sergi-ýarmarkasy hem-de olaryň Türkmenistanyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, egin-eşikleriniň bezegleri baradaky gürrüňleri çärä gatnaşyjylarda äýratyn gyzyklanma döretdi.