Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulular Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulular maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany özüniň çykyşynda 25 ýylda ýurduň syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda gazanan garaşsyz ösüşleriniň teswirini ýaýbaňlandyrdy, şeýle hem ýurduň  we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyna baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti durmuş-ykdysady ulgamyň ösüşi barada durup geçmek bilen, hususan-da geçen 25 ýyllyk döwürde ýurtda 144 mlrd. ABŞ dollarlyk maýa goýumyň özleşdirilendigi, önümçilikli we önümçiliksiz maksatly 544 sany iri taslamalaryň gurulandygy we ulanyşa berilendigi barada belläp geçdi.

Daşary söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 1995-nji ýyl bilen deňeşdirilende 8 esse artdy. Türkmenistan iki sany iri göwrümli energetika taslamasyny, ýagny Türkmenistan – Hytaý ugry boýunça gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan – Eýran ugry boýunça gaz geçirijisini durmuşa geçirdi. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi.

Şeýle hem çykyşda 2007-nji ýylda milli ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ýurtda düýpli üýtgeşmeleriň başlanandygy barada bellendi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistany çalt depginler bilen agrar ýurtdan ýokary derejeli tehnologik-önümçilik toplumly, ösen senagatly döwlete öwürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamasy häzirki günde hakyky durmuşa geçýär.

Döwletiň hususy ulgamy hem senagatda, oba hojalykda, gurluşykda, hyzmatlarda we beýleki pudaklarda ýokary depginler bilen ösýär. Häzirki günde ýurduň jemi içerki önüminiň 68%-i (ýangyç-energetika toplumy hasaba alynmaýar) döwlete dahyly bolmadyk ulgamlaryň paýyna düşýär. Döwlete dahyly bolmadyk kärhanalaryň umumy sany 25000-e ýetdi.