Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi

2018-nji ýylyň 1 — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda hanym Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) işçi topary saparda boldy. Saparyň maksady ýurdumyzda makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady syýasat ulgamynda alyp barýan ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýilleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Nobatdaky saparyň çäklerinde iri maliýe düzüminiň wekilleri döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy işgärleri, işewürler toparlarynyň, maliýe pudagynyň we diplomatik düzümleriň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler, şolaryň barşynda halkara bilermenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy netijeleri bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna, pul-karz syýasatyna, milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna seljerme berildi, şonuň netijesinde degişli netijeler çykaryldy we maslahatlar taýýarlanyldy, makroykdysady görkezijilere hem-de ýetilen sepgitlere ýokary baha berildi.

Sapar tamamlanandan soňra, hanym Tamirisa, umuman, Türkmenistanyň ykdysady görkezijileriniň durnuklydygyny aýan edýän beýannama bilen çykyş etdi. Şunda ykdysady ösüşiň düzüminde içerki isleg bilen eksportyň arasyndaky barabarlykda eksportyň paýynyň artandygy bellenilýär, munuň özi, esasan, daşyndan getirilýän harytlaryň möçberiniň azaldylmagyna gönükdirilen netijeli çäreler bilen düşündirilýär.

Şeýle hem HPG-niň metbugat habarynda dünýä bazarynda nebit önümlerine nyrhlaryň ýokarlanmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine we daşary söwda dolanyşygyna hem-de esasy maliýe meýilnamasynyň — Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi bellenilýär. Bilermenleriň pikirine görä, geljekde tebigy gazyň, nebithimiýa önümleriniň beýleki görnüşleriniň eksport möçberleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, nebitgaz pudagynyň ösdürilmegi Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri boldy hem-de şeýle bolmagynda galýar, sebäbi uglewodorod serişdelerini öndürmek, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy Türkmenistan üçin has ýokary girdejili hem-de geljegi uly ugurlar bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz täze önümçilikleriň döredilmegini energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi, şolar eksport kuwwatlyklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, energiýa serişdelerini ibermegiň köpugurly ösen turba geçiriji ulgamyny kemala getirmäge kömek eder.

HPG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň beýannamasynda ýurdumyzy ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek üçin maslahatlar delillendirilýär, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynda kesgitlän maksatnamalaýyn wezipeleri bilen utgaşýar. Daşarky deňeçersizligi geljekde hem azaltmak, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak hem-de durnukly, diwersifikasiýalaşdyrylan we ähli ugurlary öz içine alýan ösüşi üpjün etmek boýunça maksatlara ýetmek üçin çäreleri üýtgedip gurmagy dowam etmek zerurdyr. Şeýle hem düzümleri, bilimi we saglygy goraýşy ösdürmek ulgamynda ykdysady ösüşe ýardam berýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilmelidir.

2019-njy ýyldan başlap, ilata mugt suw, gaz, elektrik energiýasyny, nahar duzuny bermegi bes etmek barada ýakynda kabul edilen çözgüt hem döwlet serişdeleriniň tygşytlanylmagyna ýardam berer hem-de energiýanyň we suw serişdeleriniň has rejeli ulanylmagyny höweslendirer diýip, HPG-niň bilermenleri hasap edýärler.

Bazar gatnaşyklaryna geçilmegini höweslendirýän döwlet kärhanalaryny üýtgedip guramak ýa-da hususylaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň dowam etdirilmegi netijeliligiň we öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyna hem-de şol bir wagtda döwlet maliýe serişdelerine düşýän agramy we daşary söwda dolanyşygynyň möçberine amatsyz täsiri azaltmaga mümkinçilik berer.

Işewürligi düzgünleşdirmegiň erkinleşdirilmegi, hemmeler üçin deň şertleriň bellenilmegi hem-de bazar gurallarynyň giňden peýdalanylmagy hususy bölegiň ösdürilmegini we täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder.

Hanym Natalýa Tamirisanyň beýannamasynda adam mümkinçilikleriniň kemala getirilmeginiň hem-de ýaşlara hususyýetçilikde talap edilýän hünär başarnyklarynyň öwredilmeginiň ykdysady ösüşiň orta möhletli ösüşini saklap galmaga mümkinçilik berjekdigi-de bellenilýär. Ykdysady hem-de maliýe statistika maglumatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň üpjün edilmegi bilen türkmen Lideri tarapyndan geçirilýän salgyt-býujet hem-de pul-karz syýasatynyň esaslarynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge, ynamy pugtalandyrmaga hem-de daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam berer.

HPG-niň wekilleri tarapyndan metbugat habarynda bellenilen ähli ugurlar boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň esasynda goýlan maksatlara ýetmegiň anyk çärelerini we gurallaryny kesgitländigini bellemek gerek. Hususan-da, şonda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi, bazar gatnaşyklaryna geçmegi, döwlete dahylsyz bölegiň ösdürilmegi, bilelikdäki kärhanalaryň we paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi, gazna biržalarynyň hem-de gymmatly kagyzlar bazarynyň işini güýçlendirmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly herekete getirilmegi boýunça wezipeler beýan edildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzy çalt depginde senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek hem-de maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini we telekeçiligi ösdürmek ugrunda işgärler mümkinçiliklerini pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ünsi çekýär. Ygtybarly hem-de çalt özüni ödeýän maýa goýum çeşmesi hökmünde adam mümkinçiliklerini ösdürmäge goýberilýän serişdeler döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şol sebäpli hem bilim we saglygy goraýyş ulgamyna maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi döwlet syýasatynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda özgertmeleriň täze tapgyryna girişmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatyny artdyrmaga, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem hususy telekeçileri oba hojalygynyň gaýtadan işleýän düzümlerini ösdürmäge, ýokary hilli azyk harytlaryny öndürmäge giňden çekmäge mümkinçilik berýän ýeňillikli karzlaşdyrmak ulgamy kämilleşdirilýär.

Tutuşlygyna 2019-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynda pudaklaryň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, giň gerimli we aýratyn möhüm ähmiýetli halkara hem-de sebit derejeli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşiň birsydyrgyn ýokary depginini saklap galmagyň esaslary goýlandyr.

Milli Liderimiziň durmuş syýasaty ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de adam mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegine, bilim ulgamynda özgertmeleriň dowam etdirilmegine, ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şeýlelikde, durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmeginiň möçberi 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň umumy çykdajy böleginiň 75 — 80 göterimini düzer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, diňe diwersifikasiýalaşdyrylan, innowasion tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet durnukly we uzakmöhletleýin bolup biler. Şonuň üçin-de maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilmegine, elektrik energetikasynyň, himiýa pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, ulag-aragatnaşyk toplumynyň giňeldilmegine gönükdiriler.

HPG tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň ösüşine baha bermek we çaklamak boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini ynamly dowam etdirýändigini, giň gerimli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýändigini hem-de täze belentliklere çykýandygyny tassyklaýar. Köpugurly hem-de köp derejeli özgertmeler netijesinde, ýurdumyzda içerki bähbidi hem-de dünýä bileleşiginiň goşulyşmak işlerindäki meýilleri nazara alnyp, bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasy döredilýär we kämilleşdirilýär.

Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleri geçirmekde Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan makroykdysady ähmiýetli özgertmeleri durmuşa geçirmekde tehniki kömek we goldaw berýär. HPG bilen Türkmenistanyň arasynda geljekki geňeşmeler 2019-njy ýylyň mart aýynda bellenildi.