Täze döwrebap obalar hem-de kärhanalar bilen ýurdumyzyň geljegi kemala gelýär

Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz aýdyň beýanyny tapan durmuş ugurly syýasatyň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar netijesinde obalaryň we şäherleriň keşbi düýpgöter özgerýär, köp sanly dürli maksatly desgalar bina edilýär.

Watanymyzyň iň alysda ýerleşýän künjeklerine hem täze durmuş gelýär, olar gözümiziň alnynda özgerýär. Ähli welaýatlarda döwrebap nusgaly obalaryň gurulmagy sebitleriň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine, köpugurly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegine giň şertleri döredýär. Milli Liderimiz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde demografiýa we ekologiýa ýagdaýlarynyň, oba ýerlerinde ilatyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň oňyn özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda täze, döwrebap obalary gurmak hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, her bir ýaşaýyş toplumynda geňeşlikleriň edara binalaryny, 640 orunlyk orta mekdepleri, 320 orunlyk çagalar baglaryny, Söwda merkezlerini, Saglyk öýlerini, baýramçylyk dabaralaryny we milli dessurlary geçirmek üçin meýdançalary, awtoduralgalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýakyn geljekde bu etraplarda ösen hyzmat ediş düzümleri bolan ilatly ýerler peýda bolar.

...Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy boýunça dabaralara milli parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda deputatlaryň topary gatnaşdy.

Etrabyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly we tans çykyşlary hem-de ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary bu çärälere aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Çäräniň dowamynda ýygnananlar türkmenistanlylaryň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, täze obalaryň we şäherçeleriň döredilmegi milli Liderimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir, munuň özi oba ýaşaýjylarynyň diňe bir ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, sebitleri ösdürmegiň ykdysady we maýa goýumlarynyň kämilleşdirilmegine ýardam eder.

Parlamentarileriň adyndan çykyş eden deputat Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar we düýpli özgertmeler bilen bir hatarda ýakyn geljekde şu günki badalga berilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Ahal welaýatynyň ykdysadyýetini has ýokary derejä galdyrmaga, halkyň durmuş üpjünçiligini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde her biriniň meýdany 108 gektara barabar bolan iki sany iri ýaşaýyş toplumy gurlar, olaryň her birinde 400 öýi gurmak meýilleşdirilýär. Her oba 2 müň adamyň ýaşamagyna niýetlenendir.

Olaryň 100-si bäş otagly, 200-si dört otagly hem-de ýene 100-si üç otagly öýlerdir, olaryň taslamasy düzülende obalylaryň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Her öýüň ýanynda mellek ýerleri, şol sanda hojalyk zerurlyklary üçin telärler, awtoulag üçin jaýlar hem-de inžener-tehniki düzümler göz öňünde tutulýar. Bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň edaralaryny ýörite enjamlar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Geňeşlikleriň edara binalary hem-de söwda merkezleri hem häzirki döwrüň iň ýokary talaplaryna kybap geler.

Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüniň tutulmagy hem şu günüň möhüm wakasy boldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz — türkmen halylarynyň ajaýyplygy barada “Janly rowaýat” hem-de “Arşyň nepisligi” atly meşhur kitaplary ýazan Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, milli amaly sungatyň ösdürilmegine, bu pudagyň önümçilik düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini, soňky ýyllarda ýurdumyzda täze halyçylyk kärhanalaryň gurlandygyny, şolarda çeper elli halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de döredijilik ylhamyny açmak üçin iň gowy şertleriň döredilendigini bellediler.

Türkmen halkynyň gadymy senetleriniň biriniň — haly dokamagyň tilsimleriniň maşgala gymmatlygy hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinmegi netijesinde, biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Häzirki wagtda hem Bäherdende çeper elli halyçylaryň tutuş nebereleri bardyr, olaryň hatarynda ýaşlar hem az däldir. Şunuň bilen baglylykda, çeper halyçylyk kärhanasynyň gurulmagy diňe bir bu ýerde 150 sany täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, türkmen halkynyň buýsanjy bolan täsin sungatyň saklanyp galmagyna we ösdürilmegine uly goşant bolar.

Desga Bäherden etrabynyň merkezinde gurlar. Bu taslama ýurdumyzyň gurluşyk edaralary tarapyndan amala aşyrylar. Onuň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasynyň tapgyrlarynyň biri bolar. Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň ýylda 600 inedördül metrden 1650 inedördül metre çenli haly we haly önümlerini çykarmaga niýetlenen kärhanasy içerki bazarlarda bu önüme bolan ägirt uly islegleri kanagatlandyrmaga, onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berer.

Umuman, bu dabaralar hormatly Prezidentimiziň sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilaty iş bilen üpjün etmek hem-de halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryny amala aşyrmakda döwletimiziň geçirýän netijeli çäreleriniň aýdyň beýanydyr.

Ykdysadyýetiň okgunly diwersifikasiýalaşdyrylmagy, durnukly ykdysady ösüşiň hem-de halk üçin ýokary durmuş ülňüleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan durmuş-ykdysady strategiýanyň özenidir. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baýdak edinip, ýurdumyz hakyky demokratik jemgyýeti we hukuk döwletini gurmagyň hem-de iň ýokary gymmatlyk hökmünde adamyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Türkmenistanyň dünýä giňişliginde yglan edýän maksatlarynyň we iş ýüzündäki hereketleriniň düýp mazmunyna düşünmegiň açary döwletimiziň içerki syýasatynyň baş wezipesinde – ykdysady abadançylyga we durmuş taýdan gülläp ösüşe ýetmeginde jemlenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.