TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI WARŞAWADA GEÇIRILÝÄN ÝHHG-NIŇ ADAM ÖLÇEGLERI MESELELERI BOÝUNÇA MASLAHATYNA GATNAŞÝAR

2016-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukulary boýunça Býurosy Warşawa şäherinde ÝHHG-niň adam ölçegleri meselelerinde borçlary ýerine ýetirmeklige bagyşlanan maslahaty geçirýär. Bu maslahat Ýewropada adam hukuklary boýunça geçirilýän iň uly maslahat bolup, ol on bäş ýyldan bäri geçirilip gelýär.

Bu iki hepdeläp dowam etjek maslahata gatnaşmak üçin ÝHHG-niň agza ýurtlarynyň wekilleri, halkara meseleler boýynça bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri we hukuk goraýjylar Polşanyň paýtagtyna geldiler. Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamynda borçnamalary ýerine ýetirmek bilen bagly işler boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň wekiliýeti ynsanperwer ugry boýunça ýurdumyzda geçirilýän işler boýunça gazanylan netijeler we şol sanda adam hukuklary boýunça, gender deňligi ulgamynda we adam söwdasyna garşy göreş boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamalarynyň kabul edilendigi bilen maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň wekili, öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu maslahata gatnaşýandygyny makullap, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň kabul edilendigini oňlady we onuň ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

ÝHHG-niň adam ölçegleri meseleleri boýunça maslahaty öz işini dowam edýär.