Edermen daýhanlarymyzyň zähmetiniň şanyna dabaralar

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi, bu baýramçylyk däp bolşy ýaly, oba hojalyk ýylynyň, daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däpleri, jebisligi, zähmetsöýerligi, asyllylygy öz beýanyny tapdy.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýyly oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň bereketli saçagyny artdyran ýokary üstünliklere beslediler. Türkmen pagtaçylary öz üstlerine alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Gök we bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ýygnamak bilen tapawutlandylar.

Bularyň hemmesi obasenagat toplumynda özgertmeleriň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan obany özgertmek boýunça maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň, oba hojalyk önümçiligini giňeltmegiň, gowaçanyň hem-de dänelik ekinleriň etraplaşdyrylan sortlaryny peýdalanmagyň, döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ene topragymyzyň sahylygyny alamatlandyrýan sergiler we ýarmarkalar ýaýbaňlandyryldy. Däp bolşy ýaly, paýtagtymyz baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrülip, bu ýere ähli welaýatlardan öňdebaryjy hojalyklaryň wekilleri, ekerançylygyň ussatlary geldiler.

Düýn Aşgabatda «Beýik Ýüpek ýoly: oba hojalyk önümleri we dünýä bazary» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Ony Oba we suw hojalyk ministrligi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti guradylar.

Foruma ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, Agrar partiýanyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri we obasenagat ulgamynyň telekeçileri, oba hojalyk alymlary hem-de bilermenler, maşyngurluşyk kärhanalarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Belarusdan, Moldowadan, Özbegistandan we Täjigistandan myhmanlar bar. Olar tehnikalary we enjamlary, ösümlikleri goraýan serişdeleri öndürmek we tohumçylyk, oba hojalyk önümlerini öndürmek babatda “John Deere International Gmbh”, “C.A. Cotton LLP”, “Syngenta”, “Zeppelin International AG”, “CLAAS”, “ITOCHU Corporation” ýaly halkara korporasiýalaryň, şeýle hem söwda firmalarynyň we maýa goýum kompaniýalarynyň hünärmenleridir.

Maslahatyň dowamynda Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk instituty bilen teleköpri arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly bu ýokary okuw mekdebiň alymlary, mugallymlary we talyplary foruma gatnaşdylar. Dabaraly çäre tamamlanandan soň, maslahat öz işini “Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy esaslary”, “Ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak”, “Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we dünýä bazary” ýaly ugurlar boýunça dowam etdi.

Maslahatyň esasy meseleleriniň hatarynda dünýäniň we sebitiň pagtaçylyk we dokma senagatyny ösdürmek, halkara hil ölçegleri we nyrhlary emele getirmegiň gurallary ýaly meseleler boldy. Dünýä bazarynda türkmen pagtasyndan we ýüpeginden önümleri ilerletmek, Türkmenistanyň pagtaçylygyny we pagtany gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň wezipeleri ýaly meselelere seredildi.

Ekologiýa meselesi baradaky çykyşlar uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak meselelerine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns berýändigi bellenildi. Tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, innowasion “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy diýlip bellenildi.

Forumda “John Deere International Gmbh” (ABŞ), “Umax Trade Gmbh (CLAAS)” (Germaniýa), “Şelkowo Agrohim” (Russiýa), “Itochu Corporation” (Ýaponiýa) ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigine bolan ynam, oba hojalyk önümleriniň dünýä bazarynda möhüm orun eýeleýän dünýäniň obasenagat döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň mümkinçilikleri barada aýdyldy.

Şu gün “Mekan” köşgüniň mejlisler zalynda baýramçylygyň gahrymanlaryny — ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, paýtagtymyzyň hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary boldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, gaýratly daýhanlarymyzyň çekýän tutanýerli zähmeti netijesinde bereketli türkmen topragyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da pugtalandyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýokary ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanasynda olaryň tutanýerli, halal zähmetinden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir.

Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryny döretdik. Pudakda geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge, şonuň bilen birlikde, türkmen topragyndan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan paýtagtymyza gelen oba hojalygynyň öňdebaryjy hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň on aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde zähmetde tapawutlanyp, uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza hemmetaraplaýyn aladasy hem-de obasenagat toplumynda geçirýän özgertmeleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň bu strategik pudagyny kämilleşdirmek, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Bereketli diýen ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi, onuň nesli taryhda yz galdyran meşhur bedewlerden gözbaş alýar.

Edermen daýhanlaryň tutanýerli we joşgunly zähmetiniň hem-de türkmen topragynyň bereketliliginiň şanyna Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gazananlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ugurdaş edaralaryň wekilleriniň taýýarlan sergilerinde pagtaçylyk hem-de pagtany gaýtadan işleýän, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylyk, azyk we dokma senagatynyň önümleri, tohumlaryň saýlama sortlary, döwrebap tehnikalar görkezildi.

Emeli pagta meýdany sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Türkmenistan ýurdumyzyň ekerançylygynyň wajyp ekinini ösdürmegiň taryhy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak bilen bu gün dünýäde ýokary hilli pagtany öndürýän esasy döwletleriň biri bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bazarynyň bu ulgamynda ýurdumyzyň ornuny berkitmek we ilerletmek üçin ähli tagallalary edýär.

Ýurdumyzyň welaýatlary hem öz baýramçylyk sergilerini ýaýbaňlandyryp, “ak altynyň” täze hasyly bilen doldurylan horjunlary, şeýle hem bugdaýyň altynsow sünbüllerini, tamdyrda bişen mele-myssyk nanlary, süýji pişmeleri, beýleki milli tagamlary hödürlediler.

Sergide köpdürli bakja, gök we miwe önümleri, ir-iýmişler gözüňi dokundyryp, olar häzir ýurdumyzyň söwda merkezlerinde we bazarlarynda satylýar.

Bu ýerde bugdaýyň iň gowy sortlarynyň nusgalary bilen tanyşmak bolýar, olaryň her biri — türkmen seçgiçileriniň köpýyllyk zähmetiniň, önümçilik synaglarynyň miwesi bolup, olaryň netijeleri ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertlerinde iş ýüzünde tassyklanyldy.

“Hasar”, “Degirmen”, “Tomus” ýaly owadan gaplara gaplanan çörek, aş we süýji önümlerini öz içine alan, bezelen diwarlyklar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ugur görkezmegi bilen däbe öwrülen hem-de döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak bilen ýokary hilli önümleri öndürmek babatda hususy telekeçiligiň gazanan üstünliklerini görkezdi. Halk bagşylarynyň, göreş we beýleki milli oýunlara gatnaşýan pälwanlaryň çykyşlary milli medeniýetiň, däp-dessurlaryň ruhuna beslenen baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.

Baýramçylyk lybasyna beslenen ak öýlerde myhmanlary halkymyza mahsus bolan mähir we hoşniýetlilik, milli tagamlar bilen garşyladylar, olary türkmen gelin-gyzlary taýýarladylar. Bugaryp duran palawyň, pişmäniň hoşboý ysy daş-töwerege bark urýar. Ähli baýramçylyk hereketleri ajaýyp milli toýuň duýgusyny döretdi.

Ýurdumyzyň suratkeşleri, zergärleri edermen daýhanlarymyzyň şöhratly zähmetine, ata Watanymyza bagyşlan iň gowy işlerini görkezdiler. Bu ýere gelenler döredijilik ýoluna indi gadam basan suratkeşleriň işlerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Olar öz işlerinde ene topragymyzyň sahylygyny, mähriban ülkämiziň gözelligini şöhlelendirmäge çalyşmak bilen öz zehinlerini açyp görkezdiler.

Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy bolup, bu gün bereketli topragymyza yhlasly garamagyň däpleri täze mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler öz ajaýyp miwelerini berýär. Daýhanlara deňi-taýy bolmadyk ýeňillikler berilýär, pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri okgunly dowam edýär, täze tehnologiýalar we ylmy işler işjeň ornaşdyrylýar, olar ata-babalarymyzyň ýerleri netijeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesi bilen bilelikde, oba hojalygyny batly depginler bilen ösdürmegiň mäkäm binýadyna öwrülýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegi, türkmen obasyny has-da ösdürmek üçin kuwwatly ykdysady binýadyň üpjün edilmegi pudakda öndürilýän önümleriň möçberiniň ýokarlanmagynyň girewi bolup durýar.

Obasenagat toplumynyň hajatlary üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, beýleki ýörite tehnikalar we enjamlar satyn alynýar. Şu gün oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen “John Deere International Gmbh” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Bu kompaniýa ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup, özara bähbitli şertlerde pudagyň maşyn-traktor toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýar. Dünýä belli amerikan kompaniýasy eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda işläp, hasyly ýygnamak boýunça netijeli çözgütleri — dünýäniň kombaýn gurluşygynyň döwrebap nusgalaryny hödürleýär. “John Deere” maşynlary biziň ekin meýdanlarymyzda özlerini gowy tarapdan görkezip, daýhanlar olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine mynasyp baha berdiler.

Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýurdumyza bu kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inžener-işläp düzüjileri onuň nusgalaryny kämilleşdirmegi dowam edip, olaryň häsiýetnamalaryny ýylsaýyn gowulandyrýarlar, türkmen daýhanlarynyň ýerli toprak-howa şertleri babatda isleglerine jogap berýärler. Bu bolsa mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalaryna bildirýän esasy talaplarynyň biri bolup durýar.

Oba hojalyk ekinleriniň suw üpjünçiligini we meliorasiýasyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, täze tarp ýerleri özleşdirmek, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, tohumçylygy we maldarçylygy ösdürmek babatda anyk çäreler görülýär. Şeýlelikde, şu ýyl diňe Ahal welaýatynda 15 kilometrlik Hywaabat — Kaka suw akabasy, Tejen etrabynda döwrebap maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi, Kaka we Babadaýhan etraplarynda dokma toplumlarynyň ikisiniň gurluşygyna badalga berildi. Oba hojalyk pudagynyň şunuň ýaly desgalarynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulýandygyny bellemek gerek.

Obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň hatarynda oba hojalygynyň düzümleýin gaýtadan guralmagyny üpjün etmek, onuň pudaklarynyň düşewüntliligini artdyrmak, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk subýektleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny ösdürmek, innowasiýalary, täze ylmy-tehniki işleri, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, obalarda durmuş meselelerini çözmek işleri durýar.

Şu ähli çäreleriň utgaşdyrylmagy netijesinde bu gün, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gymmatly oba hojalyk ekinleriniň, ilkinji nobatda, bugdaýyň we gowaçanyň bereketli hasyllaryny ösdürip ýetişdirýärler. Netijede, oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek bilen ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň esaslaryny berkidýärler hem-de oba hojalygynyň ýokary hilli önümleriniň eksportyny artdyrmak üçin ähli şertleri döredýärler.

Hasyl toýy mynasybetli uly baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda dabaraly duşuşyklar hem-de öňdebaryjy oba hojalyk zähmetkeşlerini sylaglamak dabaralary geçirildi, şeýle hem konsertler, sport ýaryşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.