Habar-beriş serişdelerine bildiriş

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň hökümetiniň degişli agzalary Türkmenistana iş sapara bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer Ministriniň orunbasary A.N.Kalininiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da ýurdumyzda Belarus kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň birnäçesine seredildi.
Mälim bolşy ýaly, bu işleriň iň irisi hökmünde OAO “Belgorhimpromyň” gurýan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty görkezmek bolar. 
Bu babatda, Türkmen tarapy Belarus tarapyna Belarus tarapynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigi üçin biynjalyklylygyny beýan etdi. 
Hususan-da, bu kärhananyň infrastrukturasynyň wajyp ähmiýetli käbir desgalary boýunça bellenilen möhletden yza galynýandygy barada anyk deliller getirildi. 
Şeýle hem, Türkmen tarapynyň ençeme ýüzlenmesine garamazdan Belarus tarapy häzirki döwüre çenli galan birnäçe million ABŞ dollaryna barabar enjamlaryň Türkmenistana getirilmeginiň möhleti we indiki taslamalaryň aýratynlyklary barada hiç hili maglumat  bermedi.
Bulardan başga-da,  OAO “Belgorhimpromyň” bu kombinatyň gurluşygynda zähmet çekýän türkmen raýatlarynyň aýlyk zähmet haklarynyň ençeme gezek gijikdirilendigi barada subutnamalar bellenip geçildi.
Şol bir wagtyň özünde, “türkmen tarapynyň öz üstüne alan maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigi barada” Belarussiýanyň we birnäçe habar-beriş serişdelerine goýberilen habarlar Belarussiýasynyň Wise-Premýeriniň dykgatyna ýetirildi.
Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu maglumatyň ýöňkeme häsiýetdedigi barada aýdyldy. Şeýlelikde, buýrujy tarapyndan ýerine ýetirilen işler üçin degişli tölegleri amala aşyrmak üçin “Belgorhimpromyň” gerekli bolan resminamalaryň öz wagtynda we doly görnüşde tabşyrylmaýandygy  bellenip geçildi.
Ýokarda agzalanlary nazarda tutup, türkmen tarapy Belarus Respublikasynyň hökümetine Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli tamamlanmagy babatynda gaýragoýulmasyz çäreleriň kabul edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

 

                                                                                                    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy
                                                                                                                                                2016-njy ýylyň 30-njy sentýabry