TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASY KUALA-LUMPUR ŞÄHERINDE “TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 27 ÝYLLYGYNA” WE “TÜRKMENISTAN BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” MYNASYBETLI KUALA LUMPUR ŞÄHERINIŇ “RITZ KARLTON” MYHMANHANASYNDA BAÝRAMÇYLYK KABUL EDIŞLIK ÇÄRESI

2018-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala Lumpur ş.)  Ilçihanasy tarapyndan baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna we “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” mynasybetli Kuala Lumpur şäheriniň “Ritz Karlton” myhmanhanasynda baýramçylyk kabul edişlik çäresi  we sergisi gurnaldy.

Bu baýramçylyk çäresine Malaýziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Malaýziýanyň Daşary işler we beýleki ministrlikleriniň wekilleri, Malaýziýada okaýan türkmen talyplary we wagtlaýyn ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Şeýle-de, baýramçylyk çäresine Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan esasy myhman hökmünde Malaýziýanyň Maliýe ministriniň orunbasary jenap Dato Haji Amiruddin bin Haji Hamzah gatnaşdy we ol çäräniň açylşynda çykyş edip, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan işlerinde üstünlik, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna abadançylyk hem-de uly ösüşler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda myhmanlary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we Türkmen-Malaý gatnaşyklary bilen tanyşdyrdy. Çykyşynyň ahyrynda Ilçi Malaýziýanyň Daşary işler ministrligine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi, hem-de Malaýziýanyň Patyşasynyň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan işlerinde üstünlik we Malaýziýanyň Hökümetine we halkyna abadançylyk we uly ösüşler arzuw etdi.