Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk kabul edişligi

          2016-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy (Kuala Lumpur ş.) tarapyndan Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes “Garaşsyzlygynyň  şanly 25 ýyllygyna” bagyşlanyp Kuala Lumpur şäheriniň “RENAISSANCE” myhmanhanasynda baýramçylyk kabul edişlik çäresi geçirildi.

         Bu baýramçylyk çäresine Malaýziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler we beýleki ministrlikleriň wekilleri, Malaýziýada okaýan türkmen talyplary we wagytlaýyn ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

         Şeýle-de, baýramçylyk çäresine Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan esasy myhman hökmünde Obalary we sebiti ösdürmek ministriniň orunbasary jenap Datuk Haji Ahmad Jazlan bin Yaakub gatnaşdy we ol çäräniň açylşynda çykyş edip, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan işlerinde üstünlik, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna abadançylyk hem-de uly ösüşler arzuw etdi.

         Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda myhmanlary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we Türkmen-Malaý gatnaşyklary bilen tanyşdyrdy. Çykyşynyň ahyrynda Ilçi Malaýziýanyň Daşary işler ministrligine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi, hem-de Malaýziýanyň Patyşasynyň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan işlerinde üstünlik we Malaýziýanyň Hökümetine we halkyna abadançylyk we uly ösüşler arzuw etdi.

          Esasy myhmanyň we Türkmenistanyň Ilçisiniň çykyşlaryndan soňra Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Döwlet senalary çalyndy we çäre Türkmenistan baradaky wideo ýazgylaryň  görkezilmegi bilen dowam etdirildi.