TÜRKMENISTAN ULAG ULGAMYNA DEGIŞLI HALKARA RESMINAMALARYŇ BIRNÄÇESINE GOŞULDY

2016-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat öz işini tamamlady. Onuň ikinji güni maslahata gatnaşyjylar logistik ulgamlary ösdürmegiň ähmiýetli meselelerini hem-de geljeginiň uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň işi XXI asyrda jemgyýetçilik ulagynyň ornuna we görnüşlerine, ulag ulgamyny ösdürmek üçin energetikanyň ähmiýetine, garyşyk ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamyny döretmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň içerki serişdeleriniň we halkara hyzmatdaşlygynyň, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hasabyna iri logistik taslamalaryň maýalar bilen üpjün edilmegine bagyşlandy.

Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde hukuk binýadyny giňeldýän, Türkmenistany hojalyk gatnaşyklarynyň dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berjek resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Türkmenistan Transaziýa demir ýollary ulgamy boýunça hökümetara ylalaşygyna, Aziýa awtomobil ýollarynyň ulgamy boýunça hökümetara ylalaşygyna, Gury portlar hakynda hökümetara ylalaşygyna, Serhetlerde ýüklere gözegçilik etmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara konwensiýasyna goşuldy. 

Bu Ylalaşyklaryň maksady – Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde intermodal ýük daşamalaryny rejelemek we ýeňilleşdirmek, halkara söwdasyny giňeltmek, ýükleri daşamagyň we logistiki hyzmatlaryň maliýe netijeliligini ösdürmek, deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň gerekli talaplaryny kanagatlandyrmak bolup durýar.