Türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji Mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen geldi

2016-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji Mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan eder.

Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we pugtalandurmak, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we ynsanperwer meseleleridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ikitaraplaýyn duşusyklary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, şeýle hem käbir daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklary göz öňünde tutulan.