Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri başlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji, 45-nji maddalaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimihamedow 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürlenildi. Dalaşgär hödürlemek çäresi Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi mejlisler jaýynda geçirildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige hödürlemek işleri 2016-njy ýylyň 14-nji dekabryndan 2017-nji ýylyň 12-nji ýanwary aralygynda geçiriler.