TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI WE MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 4-nji martynda Kuala Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi we Malaýziýanyň Daşary işler ministri bilen Malaýziýanyň daşary syýasat edarasynda duşuşuk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy gelejekde hem ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Döwletleriň birek-birege  doganlyk ýurt hasap edýändigi tassykladylar. Taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýda dostlukly we özara bähbitli häsiýete eýedigini we gelejekde bu gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirmegiň we dowamly ösdürmekligiň zerurlygyny bellediler.