PAKISTANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ FEDERASIÝASYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ykdysady syýasatyna hem-de birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Bu çärä Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň prezidenti Daru Han Açakzaý, uly wise-prezidenti Abdul Wahid, wize-prezidentleri Muhammad Ijaz Han, Kurban Ali, Hurşid Barlas hem-de Federasiýanyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, şu ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar Ykdysady forumy barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Çärä gatnaşan Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri birinji Hazar ykdysady forumy baradaky maglumatlaryň özlerinde örän uly gyzyklanma döredendigini aýtdylar. Pakistanly işewürler, bu forumyň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýandyklaryny bellediler.