KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemleri yglan edildi.

Deslapky jemler boýunça saýlawçylaryň sesleriniň has köp sanyny – 97,69 göterimini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti öz gutlag hatlaryny ýolladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär.