TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy.  

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de  bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy.

Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen bu guramanyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligi boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de işgärleri taýýarlamak, sanly ykdysadyýet, maýa goýumyň we hususy telekeçiligiň köpelmegini höweslendirmek, eksporty öňe sürmek we höweslendirmek, energetika, gaýtadan dikeldilýän energetika we ekologiýa ýaly ugurlar boýunça geljekki hyzmatdaşlyga seredip geçdiler.        

Şeýle-de türkmen wekiliýetine döwlet satyn alyşy we hyzmatlary sanly ýagdaýa geçirmekde hem-de kämilleşdirmekde beýleki ýurtlaryň tejribesi görkezildi.

Mundan başga-da saparyň çäklerinde Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) Ýerine ýetiriji sekretary Fatih Birol hem-de Bikanun girdejilere garşy maliýe çärelerini işläp düzýän  toparyň (FATF) Ýerine ýetiriji sekretary Dewid Lyuis türkmen wekiliýetini kabul etdi.