TÜRKMENISTAN WE ÝHHG KÖP UGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLY

2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki başlygy we Slowakiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri boýunça ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky ÝHHG-nyň wekiliýeti bilen duşuşuk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köp ýyllyk oňyn häsiýetli hyzmatdaşlygy kanagtlanma bilen bellediler.  Häzirki zaman hakykatlary nazara almak bilen, ýüze çykýan meseleleri diňe parahatçylykly gepleşikler arkaly, esasanam abraýly halkara guramalaryň çäklerinde çözmekligiň zerurlygy barada nygtaldy.  Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara edaralarda Slowakiýa Respublikasynyň başlangyçlaryny goldaýandygy barada aýdyldy.            

Şeýle hem, taraplar sebitde howpsuzlyk we durnuklylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  Ýokary derejeli myhman Owganystanda ýagdaýlary kadalaşdyrmak, bu ýurtda raýat parahatçylygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň edýän tagallalarynyň ähli dünýä bileleşigi üçin, hususanam Slowakiýa Respublikasy üçin zerur bolup durýandygyny nygtady.  Türkmenistanyň ÝHHG we Ýewropa Bileleşigi üçin wajyp strategiki hyzmatdaşdygy barada aýdyldy.    

Soňra taraplar ykdysady we ekologik taýdan hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek mümkinçiliklerine garadylar.  Ulag ulgamyny ösdürmek, energiýa howpsuzlygy, suw serişdelerini rejeli ulanmak we tebigaty goramak ýaly ugurlar boýunça    Türkmenistanyň başlangyçlary we taslamalary barada aýdyldy.  Şeýle hem, ynsanperwerlik meselelerine seredildi.    

Günüň birinji ýarymynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki başlygy we Slowakiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri boýunça ministri Miroslaw Laýçak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. 

Duşuşygyň dowamynda, taraplar Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn meseleleri hem-de ÝHHG-nyň çaklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.  Häzirki zaman meselelerini we howplaryny önjeýli hyzmatdaşlyk arkaly çözmekde bu guramanyň tutanýerli çemeleşmesi barada nygtaldy.  Taraplar sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak işinde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýtdylar.