GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.U.Maminyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerindäki özarahereketleriň netijeliligini nygtap geçdiler.