KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-ERMENI GEŇEŞMELERI

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 6-7-nji iýuny aralygynda Ýerewan şäherinde daşary syýasy edaralaryň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça birinji türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän konsullyk meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.  Gün tertibine laýyklykda olar 1993-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndaky Jenaýat, maşgala we raýat işleri boýunça hukuk goldawy we hukuk gatnaşyklary baradaky Minsk konwensiýasynyň düzgünnamalarynyň ýerine ýetirilşiniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we taraplaryň konwensiýanyň talaplarynyň berjaý edýändiklerine kanagatlanma bildirdiler.     

Geňeşmeler türkmen-ermeni gatnaşyklaryna mahsus bolan  dostlukly we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçirildi.  Taraplar geňeşmeleriň indiki tapgyryny geçirmek barada ylalaşdylar, onuň takyk wagty diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.     

Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda konsullyk geňeşmeleriň Teswirnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. 

Şeýle hem, türkmen wekiliýeti Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ş.Koçarýan tarapyndan kabul edildi.  Pikir alyşmalaryň  barşynda däp bolan dostlukly türkmen-ermeni gatnaşyklaryň dürli ugurlarynyň oňyn ösüşi nygtalyp geçildi.