TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINIŇ MALAÝZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINE BOLAN SYPAÝÇYLYK SAPARY BARADA

2017-nji ýylyň 3-nji martynda Malaýziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň binasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Ýa.Mämmedow bilen Malaýziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şazada Tunku Imranyň arasynda sypaýçylyk duşuşygy geçdi.

Agzalan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollary we V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmeklik barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ilçisi Ýa.Mämmedow Malaýziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şazada Tunku Imrany we Geňeşiň Baş sekretaryny şu ýylyň 7-8-nji apreli aralygynda Awaza syýahatçylyk zolagynda açyljak Sport toplumynyň açylyş dabarasyna hem-de V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp geçiriljek Halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşmak üçin çagyrdy we Ilçihananyň adyndan çakylyk hatyny  gowşurdy.

Mundan başga hem, Ilçi Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistan tarapyndan ilkinji gezek geçiriljek bu uly göwrümli halkara sport çäresine Malaýziýanyň sport toparlarynyň işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirildi.

Image may contain: 2 people, people sitting, table and indoorImage may contain: 3 people, people sitting, table and indoorImage may contain: 2 people, indoorImage may contain: 4 people, people smiling, suit