AZERBAÝJANYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

12-nji awgustda ýokary derejeli myhman Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşygyň barşynda taraplar Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar we onuň diňe bir Hazaryň kenarýaka ýurtlary bilen däl-de, eýsem beýleki ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklary bilen özarabähbitli gatnaşyklary giňeltmek ulgamynda netijeli platforma boljakdygyny belläp geçdiler.

Ýokary derejeli myhman şeýle hem Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşdy.