Suwaryşda innowasiýalar: Suw hojalygy döwlet komiteti BMG-nyň ÖM bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýär

Melioratiw ulgamlar üçin suw sorujy enjamlaryň energiýa tygşytlylygy – Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň bir ugrydyr, ol energiýa we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, suw hojalyk ulgamynyň innowasion ösüşine gönükdirilendir. 

Ählumumy ekologiýa gaznasynyň maliýeleşdirýän «Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly ösdürmekde energiýadan we dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak» taslamasynyň çäklerinde Daniýanyň Grundfos kompaniýasynyň hünärmenleri ýurdumyzda boldular, olar Suw hojalygy döwlet komitetiniň garamagyndaky suw sorujy enjamlaryň öndürijiligini barladylar. SNP-500/10, SNPE-500/10 kysymly enjamlaryň 120-den gowragynyň suw geçirişi we energiýa sarp edişi barlanyldy. Alnan netijeleriň esasynda degişli maslahatlar işlenilip taýýarlanyldy. 

Taslamanyň ýolbaşçysy Geldi Myradowyň aýtmagyna görä, ýurduň dürli sebitlerindäki suw sorujy beketleriň bäşisiniň durkunyň täzelenilmegi - suw we energiýa serişdelerini tygşytlamak boýunça durmuşa geçirilen çäreleriň biridir. Olar – Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Çäşdepe», Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Sumbar-1», Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Ýeňiş-2», Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiklerindäki we Aşgabadyň baglaryna suw berýän - paýtagtymyzyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumyndaky 3-nji bis suw sorujy beketleridir. Suw sorujy beketleriň durky täzelenilende olara, hünärmenleriň aýtmagyna görä, energiýany ozalkylardan 2,5 esse az harçlaýan, kuwwatlylygy 40kWt döwrebap suw sorujy enjamlar oturdyldy. 

Iýul aýynyň ahyrynda bu desgalarda sazlaýyş-işe goýberiş işleri geçirildi. Mundan başga-da, taslamanyň bilermenleri ýerlerdäki suw hojalygy guramalarynyň hünärmenleri üçin suw sorujy beketleriň işini amatlaşdyrmak boýunça okuwlar geçirdiler. Okuw - türgenleşiklerinde täze enjamy ulanmagyň ykdysady we ekologiýa taýdan artykmaçlyklaryna üns çekildi.