TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Singapuryň Menejment Ösüşi Institutynyň Prezidenti jenap Erik Kuan Çun Hokyň ýolbaşçylygyndaky Singapur Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň awgust aýynda Singapur Respublikasyna bolan döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde möhüm ädim bolandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Singapur bilen medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özarahereketlerine aýratyn ähmiýet berýändigi hem-de bu ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň ýurdumyza bolan şu saparynyň ylym we bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm itergi berjekdigi bellenilip geçildi. 

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura bolan saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Singapuryň Menejment Ösüşi Institutynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Singapuryň akademiki toparynyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebi Singapuryň hünär bilimi ulgamyndaky täjirçilige dahylsyz bolan gadymy instituty bolup durýandyr.  

Şeýle hem duşuşygyň barşynda talyplary hem-de mugallymlary alyşmak maksatnamalary bilen birlikde ýörite okuw maksatnamalaryny, tegelek stollary we teleköprüleri guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda singapur tarapy şeýle hem Türkmenistanda Singapuryň Menejment Ösüşi Institutynyň şahamçasyny açmagy teklip etdi, bu bolsa iki ýurduň arasyndaky özarahereketleriň has-da giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna ýardam bermek bilen, ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdrilmegine itergi berer.