BIŞKEKDE SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.

Mejlise iki ýurduň döwlet we işewürlik toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynda taraplar Toparyň üçünji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini nygtadylar.

Taraplar şertnama-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy barada gürrüň etdiler we bokma senagaty we oba hojalygy ulgamy bilen birlikde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika we ulag meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet hem-de hususy pudagynyň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagyň, şeýle hem bilelikdäki işewürlik-forumlarynyň we çäreleriniň guramaçylygynyň zerurlygy nygtalyp geçildi. 

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurlygyny nygtadylar. Ylmy-tehniki taslamalaryň işlenilip düzülmegi bilen birlikde iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özaragatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar şeýle hem sport hem-de syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Mejlisiň jemleri boýunça Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň dördünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gyrgyz tarapy bilen birlikde Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik-dialogy guraldy, onuň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady ulgamyndaky özarahereketleri işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.