AŞGABATDA ÝUNISEF-IŇ DÜNÝÄ ÇAGALARYNYŇ ÝAGDAÝY BARADAKY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda ÝUNISEF-iň dünýä çagalarynyň ýagdaýy baradaky Hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. 2019-njy ýylda ol «Çagalar, iýmit we iýmitleniş: özgerýän dünýäde kadaly ösüş» şygary astynda jemgyýetçilige ýetirilendir.

Çärä ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ÝUNISEF-iň hünärmenleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda çagalaryň kadaly iýmitlenmeginiň zerurlygy hakyndaky wideoşekiller görkezildi, hünärmenleriň biziň ýurdumyzyň iýmitleniş ulgamyndaky syýasaty we Türkmenistanyň iýmitleniş boýunça Milli maksatnamasynyň esasy aýratynlyklary hakyndaky, şeýle-de çagalaryň irki, çagalyk mekdep we ýetginjeklik döwürlerinde iýmitleriniň düzüminiň gowulandyrylmagynyň we baýlaşdyrylmagynyň aýratyn zerurlygy we wajyplygy baradaky çykyşlary diňlenildi. 

Hünärmenler öz çykyşlarynda çagalar tarapyndan olaryň tiz ösýän bedenleriniň hem-de beýnileriniň hereketini kadalaşdyrýan witaminlere we mikroelementlere baý iýmit önümleriniň doly göwrümde sarp edilmeginiň, has takygy çagalaryň irki ösüşiniň talabalaýyk üpjün edilmeginiň zerurlygyna aýratyn ünsi çekdiler.