Aşgabat AZIADA2017-de dünýä derejesindäki sport çärelerini geçirmegi söz berýär

Kuala Lumpur, 10 iýun (Bernama) - Ýenede 100 günden hem az wagtdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny (AZIADA 2017) geçirjek Türkmenistan, Aziýa-Ýuwaşumman sebitiniň 62 ýurdundan gatnaşjak türgenlere dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň ýatdan çykmajak günlerini üpjün etmegi söz berýär, diýip Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi Ýazguly Mammedow aýdýar.

Şeýle-de ilçi bu Merkezi Aziýanyň ýurdy (Türkmenistan) üçin 17-27-nji sentýabrdaky oýunlaryň taryhy waka boljakdygyny belleýär, ýagny ol sebitde uly göwrümli, köp-ugurly sport çäresini "Aziýanyň merjeni" bolan ak-mermerli Aşgabatda geçirýän ilkinji döwlet bolup durýar.

Bu oýunlary geçirjek şäheriň hukugyny almak boýunça saýlawlar 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Kuweýtda geçirildi we 2013-nji ýylyň 6-njy iýulynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy Aşgabat şäheriniň häkimine gowşuryldy. Bu waka dünýäde uly gyzyklanma döretdi we ýurdumyzyň durmuşynda örän ähmiýetli waka öwrüldi diýip ilçi Bernama hödürlän makalasynda belläp geçýär.

AZIADA 2017 oýunlary Türkmenistada diňe bir sportyň wajypdygyny bütin dünýä ýaýman, eýsem milli we häzirki zaman medeniýetiň maddy ýadygärliklerini hem-de binalaryny özünde jemleýän oýunlaryň resmi keşbi bilen hemmeleri Beýik Ýüpek ýoly boýunça gaýbana syýahata alyp gider diýip Mämmedow aýdýar.

Aşgabat şäherine ýakyn sebitler Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi hökmünde eýýäm 2000-den gowrak ýyl bäri syýahatçylary kabul edip gelýär we oýunlaryň resmi keşbi bu baý we taryhy medeniýeti özünde jemleýär diýip ilçi belleýär.

21 sany sportyň görnüşi boýunça 2000 sany medal üçin bäsleşmäge 5000-den gowurak türgenleriň, 2500-den gowrak tälimçileriň we 10000-den gowrak daşary ýurt myhmanlarynyň paýtagt şähere gelmegine garaşylýar diýip ilçi aýdýar we Ilçihanana tarapyndan sport janköýerleriniň Aşgabatda geçiriljek oýunlara gatnaşmaga çagyrylýandygyny goşmaça belleýär.

Sportuň görnüşleri: Küşt, Futzal, Tennis, Taýboks, Sambo, Kuraş, Jiu-jitsu, Bowling, Welosport, Suwda ýüzmek, Basketbol, Kik-boksing, Ýeňil atletika, Taekwondo, Tans sport, Türkmen Milli göreşi, Guşakly göreş, Sport göreşi, Bilýard, Atçylyk sporty we Agyr atletika.

Aşagabat şäheriniň nyşanyna öwrülen ýakynda gurulyp ulanylmana berilen Türkmeniň milli buýsanjy bolan Ahalteke atynyň heýkeli oturdylan 45 000 orunlyk Olimpiýa stadionynda AZIADA 2017-niň açylyş we ýapylyş dabaralaryny  Italýanyň Balich Worldwide Shows kompaniýasy ýerine ýetirer diýip ilçi belläp geçýär.

Olimpiýa şäherjigi sebitde iň uly sport toplumy bolmak bilen onuň düzümine 30-dan gowrak köpmaksatly desgalar, Paralimpik toplumy, Dikeldiş Merkezi, şeýle hem durmuş-hyzmatlary, ulag we beýleki infrastrukturalar girýär diýip ilçi aýdýar.

2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmen paýtagtynda Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutyldy. Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň hatarynda türgenleriň dynç almagy üçin niýetlenen medeniýet merkezi bar, onuň düzümine naharhana, restoran, kinoteatr, kafe, şeýle hem muzeý, kitaphana, dellekhana, saz studiýasy, bankyň bölümi, dükan, durmuş hyzmatlary we poçta bölümi girýär diýip ilçi belleýär.

Umuman, Olimpiýa şäherjiginiň binalary 12 000 adamy ýerleşdirmäge niýetlenip, bu ýerde daşary ýurtly türgenleriň, tälimçileriň, lukmanlaryň, wekiliýetiň düzümindäki tehniki işgärleriň, metbugat wekilleriniň we beýlekileriň ýerleşmeklerine mümkinçilikler bar.

Ilçi ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  türgenler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyna we döwrebap ýokary derejeli tehnikalar bilen üpjin edilen Halkara ýaýlyma beriş merkezine baryp görendigini we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan ulanyljak  maglumat merkeziniň oýunlardan soň hem işjeň ulanylmagyny makullandygyny belläp geçýär.

"Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary bilen geçirilejk AŞGABAT 2017 oýunlary Türkmenistanyň 25 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygy alanyndan bäri geçirýän iň uly sport çäresi bolup durýar.

Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlary diýip tanalýan bu oýunlar ilkinji gezek 2005-nji ýylda Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirildi.

 

- BERNAMA

Nur Aşikin Abdul Aziz