Aşgabat 2017-niň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli dabara

Aşgabat 2017 oýunlarynyň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäheriniň köpugurly stadionynda uly dabara geçirildi. Bu dabarada çykyş eden tansçylaryň we medeniýet işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 100-den gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tomaşa etdiler. Bu çäre paýtagtymyz Aşgabatda we Mary şäherinde birnäçe gün dowam eden halkara media forumyň çäginde taýýarlanyldy. 

Aşgabatda geçiriljek Oýunlar barada habar bermek we habar beriş serişdelerine bu Oýunlary geçirmäge ähli döwrebap desgalaryň taýýardygyny görkezmek üçin bu halkara foruma birnäçe myhmanlar çagyryldy.

Elleri baýdakly janköýerler bary bilelikde öz ýerlerinden şowhunly galan wagtynda, dürli reňkli egin-eşikli müňlerçe çagalar stadionyň meýdançasyna ylgap geldiler we ony gül-gunçaly gülzarlyga meňzetdiler.

Oýunlaryň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli dabara dürli reňkli müňlerçe howa şarlarynyň asmana goýberilmegi bilen başlandy. Soňra, türkmen milletiniň buýsanjy bolan ahalteke atlaryna atlanan 17 sany ýigit stadionyň içinden geçdiler.

Aşgabat şäherine tarap öz ýörişini başlamazdan öň Türkmenistanyň bäş welaýatynyň dördüsinden atly ýöriş bilen geçen bu çapyksywarlar uly dabara bilen garşy alyndy. Bu ýöriş Türkmenistanda gurnalan iň uly ýörişleriň biri bolup, ol Aşgabat şäherinde tamamlanmaly we sentýabrda Oýunlaryň başlamagyna itergi bermek üçin gurnalandyr.

Milli we sport lybasly ýüzlerçe adam atly ýörişiň yzyny dowam etdiler. Stadionyň içinde adamlaryň şowhunly sesleri we aýdym-saz şowhun bilen dowamly ýaňlandy. Bu çykyşlar tansyň we medeni çykyşlaryň üsti bilen türkmen halkynyň gadymy taryhyny görkezmek maksady bilen gurnaldy. 

Şol günüň başynda, ýurdumyza gelen daşary ýurt metbugatynyň wekilleri – küşt, gimnastika, jiu-jitsu, göreş we türkmeniň milli sportunyň biri bolan tanap çekişmek ýaly dürli görnüşli sport çärelerine gatnaşan çagalaryň we ýetginjekleriň çykyşlaryna tomaşa etdiler. 

Soň žurnalistler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyñ telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa döwlet komiteti tarapyndan gurnalan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumyna gatnaşdylar. 

Tükmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Annageldi Garajaýew Hormatly Prezidentimiziň gutlaglaryny ýetirdi we Oýunlar üçin bu forumyň wajyplygyny belläp, ony resmi ýagdaýda açyk diýip yglan etdi.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew : “Şu günki günde Ýapyk binlarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň başlamagyna 100 günüň galmagy Oýunlaryň taýýarlyk işinde iň bir wajyp tapgyrlaryň biridir. Şeýle günde şatlykly pursatlarymyzy Türkmenistana gelen halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri bilen paýlaşmak biziň üçin tolgundyryjydyr.

Türkmenistanyň halkyna ýurdumyz üçin wajyp bolan bu çäräni gurnamakda alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlygymy bildirýärin we bu şanly waka bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn”. 

Ýerine ýetiriji komitetiň topary Oýunlary ýokary derejede geçirmek boýunça soňky taýýarlyk işlerini alyp barýar. Sentýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Oýunlara gatnaşmak üçin geljek ýüzlerçe türgenleri, resmi myhmanlary we tomaşaçylary ýokary derejede garşy almak we oýunlardan lezzet almaklaryny üpjün etmek üçin tejribeli hünärmenlerimiz zähmet çekýär” diýip, ýatdan çykmajak Oýunlary geçirmäge taýýardyklaryny belledi. 

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş kätibi Azat Myradow, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Toýly Kömekow we Sport metbugatynyň halkara assosiýasynyň wise-prezidenti Esat Rahmi Yilmar Oýunlary geçirmek boýunça ýakynda alnyp barlan işler dogrusynda çykyş etdiler. 

Şeýle-de,Halkara media forumyň gatnaşyjylary Aşgabat Olimpiýa toplumyna, Türkmen milli haly muzeýine, gadymy Merw şäherine we Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördüler.