ADALATÇYNYŇ DIWANY BILEN BEÝLEKI EDARALARYŇ HYZMATDAŞLYGY TÜRKMENISTANDA ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

2019-njy ýylyň 12-13-nji noýabrynda Aşgabatda ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmäge we Türkmenistanda adam hukuklaryny goramaga gönükdirilen okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň ministrliklerinden we pudak edaralaryndan, şol sanda, Adalatçynyň diwanyndan, Içeri işler ministrliginden, Mejlisden, Ýokary Kazyýetden, Adalat ministrliginden, Aklawjylar kollegiýasyndan, Baş Prokuraturadan we Bilim ministrliginden wekiller gatnaşdylar.

ÝHHH-niň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň bilermenleri dünýäniň dürli ýurtlarynyň milli hukuk goraýjy edaralarynyň iş tejribeleri bilen tanyşdyrdylar hem-de olaryň işleriniň seljerilişine we beýleki edaralar bilen hyzmatdaşlygyna üns berdiler. Okuw maslahatynda milli hukuk goraýjy edaralary bilen bagly halkara ölçegleri we ÝHHG-niň agza-döwletleriniň öňdebaryjy tejribeleri açylyp görkezildi.

Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, onuň diwanynyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlygy we olaryň işleriniň bu Merkez tarapyndan goldanylýandygy barada belläp geçdi.

Adalatçynyň diwanynyň wekili bu diwanyň kanunlary, mandatlary we çeşmeleri barada hem-de beýleki milli hukuk goraýjy edaralary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barada aýdyp geçdi.

Çäräniň ikinji gününde ÝHHH-niň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň bilermenleri Adalatçynyň diwanynyň beýleki edaralar bilen hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin mümkin bolan usullar barada pikir alyşmak maksady bilen gatnaşyjylary iki topara boldüler. Toparlaryň söhbetleri gatnaşyjylara Türkmenistanda adam hukuklaryny kämilleşdirmegiň we goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.