TÜRKMENISTANDA BILIM WE SPORT BOÝUNÇA HALKARA SERGI WE YLMY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.

Onuň işine kompýuter, multimediýa tehnikasyny, mekdep mebelini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy gatnaşýar. Forum şeýle hem ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 120-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.

Şu ýyl iň täze tehnologiýalary ulanmaga hem-de bilim babatda sanly ulgama geçmek ýörelgesini amala aşyrmaga aýratyn üns berildi. Bilim ministrliginiň sergisinde ýurdumyzyň usulyýet işläp taýýarlamalary, körpe okuwçylar üçin degişli tehnologiýalar hem-de bezegli okuw edebiýaty görkezilýär.

Sergide sport mowzugy hem bilim ulgamy bilen sazlaşykly beýan edilipdir. Sport sergisine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň esasy guramalary we ýörite enjamlary, esbaplary we lybaslary öndürýän kärhanalar hem-de kompaniýalar wekilçilik etdi.

Günüň ikinji ýarymynda bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan maslahat öz işine başlady. Forumda garalan meseleleriň hatarynda geljegiň abadançylygynyň bähbidine bilim, okatmak işinde sanly tehnologiýalaryň orny bilim ulgamynda özgertmeler hem-de innowasiýalar we beýleki meseleler bar.

Halkara maslahatyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Malaýziýanyň mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekildi.