TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ WEKILIÝETI TAÝLAND PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) çagyrmasy boýunça 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-den noýabr aýynyň 30-y aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G. Ataýewanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde iş saparynda  boldy.

27-nji noýabrda Pekin Jarnamasynyň we Hereketler Meýilnamasynyň amala aşyrylyşynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan (Pekin+25) syn beriş maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Maslahatda 2030-njy ýyla çenli döwürde durnukly ösüş ugrunda Gün tertibi bilen baglanyşykly Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Hereketleriň platformasynyň we Pekin deklarasiýasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek üçin ýetilen ösüşe, çözülmeli meselelere we kabul edilmegi zerur bolan perspektiw strategiýalara syn edildi.

Şeýle-hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlygy G. Ataýewa "Döwletiň zenanlaryň we erkekleriň deň hukuk üpjünçiligi" (О государственных гарантиях обеспечения равных прав и равных возможностей женщин и мужчин) barada çykyş etdi.

28-nji noýabrda maslahat dowam edip, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde gender deňligini we aýallaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmek ,“Inklýuziw güýçlenmek, bilelikde ösmek we mynasyp işde işlemek mowzukly çygyrda aýallar we gyzlar üçin gender deňligini durmuşa geçirmek” we degişli ähmiýetli meseleler boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

29-njy noýabrda günüň ikinji ýarymynda maslahata gatnaşanlara minnetdarlyk bildirilip, maslahatyň ýapylýandygyny yglan etdiler.