img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

photo

Şu gün, 2019-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşgyň barşynda Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň adyna Imperatoryň tagta geçmek dabarasyna gatnaşmak üçin ýollan çakylygy hem-de bu çäreleriň dowamynda görkezilen ýokary myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk haty gowşuryldy.