TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «KAWASAKI» ÝAPON KOMPANIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Kawasaki Heavy Industries,Ltd» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabe bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň sebit hem-de global derejesindäki özarahereketleriniň netijeli häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugurlary boýunça şol sanda ýapon işewürlik-düzümleriniň gatnaşmagynda taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy hem-de taraplaryň arasynda netijeli we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň ýola goýlandygy hem aýratyn bellenilip geçildi.