EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammad Ahmadi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň goňşy ýurdy bolan Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyklary geljekde hem işjeňleşdirmegiň möhüm ähmiýetleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi iki ýurduň serhetdeş bolmagy döwletleriň özara gatnaşyklarynyň işjeňliginiň esasyny düzýändigini belledi. Şeýle hem Saýed Mohammad Ahmadi Ilçihananyň işine yzygiderli berilýän goldawy üçin türkmen tarapyna sagbolsunyny aýtdy.

Türkmen tarapy öz gezeginde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge goşan goşandy üçin Ilçä özüniň minnetdarlygyny bildirip, mundan beýläk hem işinde üstünlikler arzuw etdi.