BOSGUNLAR BOÝUNÇA BIRINJI GLOBAL FORUMYNYŇ IŞINE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MIGRASIÝA GULLUGYNYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2019-njy ýylyň 17-18-nji dekabry aralygynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda geçirilýän Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň işine gatnaşýar.

Foruma dünýäniň döwletleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri hem-de hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Ženewada geçirilýän Forumyň açylyş dabarasynyň başynda BMG-niň Baş Sekratary A. Guterreş, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary F. Grandi, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Geňeşçisi, Daşary işler boýunça Federal Departamentiniň ýolbaşçysy I. Kassis dagylar çykyş etdiler.

Şeýle hem Forumyň açylyş dabarysynda Türkiýe Respublikasynyň we Kosta Rikanyň Prezidentleri, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Efiýopiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň wekiliýeti Forumyň plenar maslahatynda çykyş edip, Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini bellemek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna, Konwensiýalaryna goşulmagy bilen bagly ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýändigi barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany çykyşyň dowamynda 2012-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň BMG hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Halkara maslahatynyň  netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jaranmasynyň wajyplygyny nygtamak bilen bir hatarda, halkara jemgyýetçiligi bosgunlara we olary kabul edýän ýurtlaryň hökümetlerine goldawlaryny artdyrmaklyga hem-de Aşgabat Jarnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Ählumumy ösüşiň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelýän işleriň we çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Ženewa bolan iş saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş direktory we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary kommisarynyň müdirliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem meýilleşdirilendir.