TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA NOBATDAKY YNSANPERWER KÖMEGINI BERDI

2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömeginiň berilmegi — dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara boldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde berildi. Bu goňşy ýurtda ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýola goýmakda, şeýle hem ýurdumyzyň ugradýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Elektrik energiýasynyň ýeňillikli bahadan berilmegi, türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk hem-de bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatynda gurlan zawodda tebigy gazdan öndürilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyrynyň ugradylmagy Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz goňşy Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyna ymtylýar, bu bolsa degişli ugurda geçirilýän işe yzygiderli häsiýeti çaýmaga mümkinçilik berýär.

Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde geçirilen dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar bolmagyna uly goşant goşýar.

Dostlukly ýurduň wekilleri ynsanperwer kömek hökmünde gelip gowşan kuwwatly transformatoryň owgan halkyna ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna Owganystanda asuda durmuşy berkarar etmek babatda berilýän yzygiderli goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.