TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ KÖMEKÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Bosgunlar boýunça birinji Global Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ženewadaky edarasynda, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi Gillian Triggs bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýeti BMG-niň Ženewadaky edarasynda, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligini Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň ýokary derejede guralandygy, şeýle hem bu wajyp çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň  arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň beýleki döwletlere görelde bolup durýandygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň kabul eden halkara borçnamalaryndan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýandigi barada hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň bilelikde ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýan çäreleriň meýilnamasynyň netejililigi boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň migrasiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrularynyň biri bolan raýatsyzlygyň soňuna çykmak syýasaty babatynda bolsa, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilip, 2019-njy ýylda raýatlygy bolmadyk 14 milletden 863 sany adama ýurdumyzyň raýatlygynyň berilmegi -- bu meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň aýdyň subutnamasy hökmünde bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda bolsa 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guralmagy meýilleşdirilýän Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça ýokary derejeli halkara maslahatynyň ähmiýeti barada aýdylyp, türkmen tarapy BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň ýokary derejeli wekiliýetini bu çärä gatnaşmaklyga çagyrdy.