Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we Türkmen-Malaý syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda işewürlik duşuşygy

photo

2017-nji ýylyň 17-27 – nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak we giňden dünýä ýaýmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde 2017-nji ýylyň 16-njy awgustynda Malaýziýanyň Syýahatçylyk Merkeziniň Köpugurly zalynda “Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we Türkmen-Malaý syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda işewürlik duşuşygy” atly çäre geçirildi.

Agzalan çäre Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýardam bermeginde we Malaýziýanyň Syýahatçylyk Geňeşi bilen hyzmatdaşlykda geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistanyň “Owadan syýahat” hususy kärhanasynyň wekilleri tarapyndan çärä gatnaşan Malaýziýanyň 57 sany iri Syýahatçylyk agentlikleriniň 84 sany wekillerine we 8 sany milli habarlar agentliginden gelen 10 sany habarçylara Türkmenistan we onuň syýahatçylyk mümkinçilikleri, V Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça görlen taýýarlyk işleri, Olimpiýa şäherçesi barada tanyşdyryş maglumatlar berildi we wideo ýazgylar görkezildi.

Çykyşlarda türkmen wekiliýeti  çärä gatnaşan malaý kärdeşlerini, Malaýziýanyň Syýahatçylyk we Medeniýet ministrliginiň, Syýahatçylyk Geňeşiniň we Syýahatçylyk Merkeziniň resmi wekillerini Türkmenistanyň baý taryhy, medeniýeti, myhmansöýer halky we türkmen Lideri  Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen  ýurdymyzda bolup geçýän özgertmeler bilen tanyşdyryp, olary Türkmenistana syýahat etmäge çagyrdylar. “Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçarlaryna petekleri ýerlemek boýunça Kuala-Lumpur şäherindäki ygtyýarly wekiliniň Türkmenistanyň howa gatnawlary barada, uçarlar we olaryň uçuş tertibi, şeýle-de ýol petekleriň bahalarynyň elýeterlidigi baradaky eden çykyşy malaýziýaly hyzmatdaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem, duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşan habarçylar bilen Maglumat maslahaty we syýahatçylyk agentlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn iş duşuşyklary geçirildi hem-de maslahatda edilen sorag-jogap boýunça şol günüň dowamynda birnäçe milli habarlar agentlikleri öz elektron sahypalarynda degişli maglumatlary çap edip halk köpçiligine ýaýratdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň milli medeniýetine we V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp gurnalan sergi oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.