TÜRKMENISTANYŇ ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNA BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN ÝÖRITE NEŞIRLER ÇAPDAN ÇYKDY

2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingiň barşynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasy” we “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbitleri” atly täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary hem boldy.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2017-2019-njy ýyllarda AHHG-na başlyklyk etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýagny, Gaznanyň saýlanan Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Aral  deňziniň ekologiki, sosial-ykdysady we beýleki meselelerini çözmeklige gönükdirilen birnäçe wajyp başlangyçlar durmuşa geçirildi.

Şeýle hem AHHG-niň işiniň geljekde kämilleşdirilmegi, Gaznanyň edaralarynyň we düzüm bölekleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, onuň guramaçylyk we hukuk esaslarynyň berkidilmegi boýunça uly göwrümli işler alnyp barylýar. Şeýlelik-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şunuň bilen birlikde, soňky 3-4-ýylyň dowamynda gaznanyň we onuň komissiýalarynyň mejlisleri, Aral deňzi meseleleri bilen bagly halkara çäreler yzygiderli geçirildi.

Özüniň başlyklygyny tamamlamak bilen türkmen tarapy Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň dikeldilmegine we ösdürilmegine bagyşlanan maglumatlaryň we resminamalaryň ýörite toplumyny neşir etdi.

Beýleki neşirde, Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijelerini açyp görkezýän bu halkara wakanyň dowamynda amal edilen resminamalar we çykyşlar ýerleşdirilen.

Forumy geçirmek başlangyjynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlendigini bellemek ýerlikli bolar. Ol 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda, Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň V Sammitiniň netijelerinde kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada özüniň syýasy we hukuk beýanyny tapdy. Forumyň geçirilmegi we maglumatlaryň çap edilmegi öň gazanylan ýokary derejedäki ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki möhüm ädim bolup durýar. Bu şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Sammitine taýýarlyk görmekde hem möhüm bolup durýar.