KIPR RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Andreas Zinonos bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-kipr gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.  

Diplomatlar şu ýyl üçin özarahereketleriň göz öňüde tutulýan ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-kipr hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin dürli derejelerdäki özara saparlaryň guralmagynyň ähmiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty bilen birlikde daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Andreas Zinonos özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we öz salgysyna aýdylan mähirli sözleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.