TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDAKY 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy E.Panowa çykyş etdiler hem-de dürli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Mejlisiň barşynda 2019-njy ýylda bilelikdäki hereketleriň, hususan-da ýokary hilli we inklýuziw hyzmatlary bermek, ekologiýa durnuklylygy, energonetijelilik, iş bilen üpjünçilik, ykdysady diwersifikasiýa we söwda, aýratyn hem dolandyryş we kanunyň ileri tutulmagy ýaly ugurlar boýunça gazanylan ösüşler seljerildi.

Çärä gatnaşyjylar mowzuklaryň her biri boýunça işleriň netijeleriniň hasabatlaryny diňlediler we 2020-nji ýylda hereketleriň kämilleşdirilmegi boýunça tekliplerini orta atdylar.