Eýranly türgen Moradi Aşgabat 2017-de dünýä rekordyny goýdy

Eýranly türgen Sohrab Moradi Aşgabat 2017-de agyr atletika sporty boýunça 18 ýyl mundan ozal goýlan rekordy täzelemegi  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taryhynda iň ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy.

Rio 2016 olimpiýa çempiony erkekleriň arasynda 94 kg agramlykda geçirilýän agyr atletika ýaryşynda jemi 413 kg göterip, täze jemlenen utugy görkezdi. Ol 23-nji sentýabrda geçirilen ýaryşda örän täsirli çykyş etdi.   

Ýaryşdan bir gün öň 29 ýaşyny baýram eden Moradiniň silterläp götermek görnüşinde 185 kg we itekläp götermek görnüşinde 228 kg agramly ştangany galdyranyndan soň, ähli oturan tomaşaçylaryň ör turup uzak wagtlap şowhunly el çarpyşmalary onuň ýeňşini kesgitledi.  

Geçenki rekordy 1999-njy ýylda grek türgeni Akakios Kakiaswilis goýupdy. 

Bu waka Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ajaýyp pursaty bolmak bilen Moradiniň uzak ýyllap gazanmak üçin üstünde işlän üstünligidir.  

“Ýeňşim hem-de goýan rekordym ençeme ýyllar eden türgenleşigimiň netijesidir” diýip, Moradi biz bilen şatlygyny paýlaşdy.   

“Türgen hökmünde meniň öňümde goýan maksatlarymyň biri hem Olimpiýa çempionatynda ýeňmekdi. Bu örän möhüm. Emma bu günki goýan rekordym hem wajyp, sebäbi men haçandan bäri bu barada arzuw edýän. Men rekordy täzelänime begenjimiň çägi ýok” diýyip, ussat türgen sözüniň ahyrynda belledi.