BÜTINDÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK GURAMASYNYŇ «DIKELDIŞE TARAP HEREKET» ATLY SEBITLEÝIN MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy.

Sebitleýin maslahata Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň milli syýahatçylyk ulgamyna jogapkär ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministri gatnaşdy.

Maslahat bu ýokanç kesele garşy göreşmegiň mümkin bolan iň gowy usullaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, şeýle-de howpsuz we netijeli usullar arkaly, şol sanda milli we sebitleýin derejede ähli gyzyklanýan taraplaryň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy hem-de hereketleriň sazlaşygyny üpjün etmek bilen syýahatçylyk işini dikeltmek boýunça bilelikdäki işleri ýola goýmak üçin meýdançany döretmek maksady bilen geçirildi.

Ýokary derejeli bu çäre iki ugurly ara alyp maslahatlaşmalar boýunça geçirildi. Birinji mejlisiň dowamynda syýahatçylyk ulgamyndaky goldaw we COVID-19 ýokanç keseliniň durmuş-ykdysady netijelerini azaltmak çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji mejlis dikeldiş ýolundaky öňdebaryjy tejribä we netijeli strategiýa bagyşlandy. Öňdebaryjy tejribeler, şeýle-de çökgünligi ýeňip geçmegiň netijeli syýasaty boýunça amala aşyrylýan çäreler barada pikir alşyldy. BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň işläp düzen teklipleri beýan edildi. Mundan başga-da, maslahatda gatnaşyjy ýurtlaryň iň gowy tejribeleri bilen tanyşdyryldy.